Ysraýylyň Tähranyň iň bir kaşaň we gür ilatly sebitleriniň birine, 3-nji etrabyna howa zarbalaryny urmak isleýändigini aýdyp, bu töwereklerde ýaşaýan adamlaryň ewakuasiýa edilmegi barada beren duýduryşy ozaldanam ýetik bolan galagopluklaryň ýene-de ýokarlanmagyna getirdi.
Soňky günlerde bu iki ýurt birek-birege howa zarbalaryny urup, ikarada onlarça asuda adamyň ölümine sebäp boldy. Emma iň ýygjam hüjümler Tährana edildi.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Ysraýylyň goranmak güýçleriniň (IDF) parahat ilaty nyşana almaýandygyny aýdyp aýak depdi, ýöne Tähranda we ýurduň beýleki ýerlerinde ýazgy edilen wideolar we düşürilen suratlar emele gelen ýagdaýyň nähili agyrdygyny görkezýär.
Resmi çeşmelere görä, bu zarbalar netijesinde 200-den gowrak eýranly öldürildi, Ysraýyl häkimiýetleri Eýranyň Tel Awiw, Haýfa ýaly şäherlere eden ar alyş hüjümlerinde 24 adamyň ölendigini habar berdiler.
Iki ýurtda-da köp ýaşaýjy özleriniň gözegçilik edip bilmeýän ýagdaýyna düşdi.
Ýöne, Ysraýyldan tapawutlylykda, Eýranda azat we garaşsyz metbugat örän çäklendirilen ýagdaýda bolup çykdy. Howa zarbalary adamlary öýlerinden gyssanmaç, bosup çykmaga mejbur edýän wagtynda ýönekeý eýranlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, adamlaryň öňünde keseren agyr şertler barada örän az habar ýaýrady.
Sosial mediadaky suratlar we wideolar, adamlaryň birnäçe gün bäri Tähranyň ýadro we harby desgalaryny, Ysraýylyň aýtmagyna görä, Eýranyň ýokary derejeli resmileriniň we ýadro alymlarynyň ýaşaýan jaýlaryny nyşana alýan howa hüjümlerinden gaçmagy bilen, köçeleriň paýtagtdan çykýan ulaglardan hyryn-dykyn dolandygyny görkezýär.
Ýaşaýjylaryň käbiri ýangyç guýulýan stansiýalarda dörän uzyn nobatlar we müşderileriň alyp biljek ýangyçlarynyň çäklendirilen mukdary barada habar berdiler. Şu aralykda, adamlaryň köpüsiniň barýan ugrunda, ýurduň demirgazygynda azyk ýetmezçiligi ýüze çykyp başlady.
Ýaşaýjylaryň käbiri Emele gelen ýagdaýy beýan etmek üçin Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna, Farda radiosyna ýüz tutdy.
Çagalara pena bolmak aladasy
Bir ene öz 10 ýaşyndaky oglunyň düşen ýagdaýy baradaky lapykeçligini, onuň öz düşünmeýän urşunyň jebrini çekmäge mejbur bolandygyny gürrüň berdi.
"Men oglumy alada edýärin. Ol hiç zat diýmeýär, ol men gorkýaryn hem diýmeýär, ýöne biziň hemmämiz gorkýarys. Men näme etjegimi bilemok, bombalamalardan gutulmak üçin biz nirä gidip bileris?" diýip, ene soraýar.
Şol wagtky prezident Saddam Huseýniň 1980-nji ýylda duldegşir goňşusyna çozmagy bilen, Eýran Yrak bilen sekiz ýyla uzan weýrançylykly uruşda söweşmeli boldy.
Ol uruş eýranly ene-atalaryň köpüsiniň çagalyk döwrüne gabat geldi. Indi olar öz çagalykda şaýat bolan uruş tejribelerini uly adamlar hökmünde başdan geçirýärler.
"Men öz ömrümiň dowamynda iki urşa şaýat bolaryn öýdemokdym we, elbetde, oglumyň uruş pajygasyny başdan geçirmegini islemeýärdim" diýip, Farda radiosyna ýüz tutan ene aýtdy we, beýleki ildeşleri ýaly, howpsuzlyk aladalary sebäpli, adynyň tutulmazlygyny haýyş etdi.
Tähranda ýaşaýan başga bir aýal bolsa öz çagasyny zorluk, uruş seslerinden goramak, penalap saklamak üçin näçe wagt we nähili çäreler görmäge taýýar bolandygyny gürrüň berdi.
"Biziň öýümizde ekranyň, telewizoryň öz ulanylýan möhleti bardy, ýöne bu günler men, çagamyň daşardaky partlama seslerini eşitmezligi üçin, telewizory we onuň sesini hemişe, doly güýjünde açyp goýaryn" diýip, ol aýtdy.
Tähran ýaşaýjylarynyň köpüsi şäherden gaçyp, adaty dynç alyş ýerlerine, ýurduň demirgazyk welaýatlaryna gidýärler.
Sosial ulgamlarda paýlaşylan wideoýazgylarda demirgazyk tarapa barýan ulaglaryň ýollarda döreden dyknyşyklary görkezilýär, şäherden daşyna çykýan awtoulaglaryň akymyny giňeltmek üçin, günorta tarapa gidilýän ýollaryň käbiriniň ugruny üýtgedýärler, ýöne bu hem kän netije bermeýär.
"Biz ejemize ýalbaryp, hyzmatdaşlyk etmegini we şäheri terk etmegini haýyş etdik" diýip, daşary ýurtda ýaşaýan bir aýal Farda radiosyna aýtdy.
"Ýöne ol ýollardaky agyr ulag dyknyklarynyň wideosyny görüp, öýden çykmakdan ýüz öwürdi. Ol [öýünde] penjireleriň tutularyny baglap, öz ykbalyna garaşýar."
Jaýlar gaçybatalga öwrüldi
Tähranyň ýüzbe-ýüz bolýan esasy uly meseleleriniň biri bomba gaçybatalgalarynyň bolmazlygy bolup, bu ýagdaý parahat ilatyň arasyndaky heläkçilige öz goşandygyny goşýar.
Howpsuz ýer hökmünde ulanmak üçin metro stansiýalaryny gijesi bilen açyk saklamak kararyna gelmek meselesini çözmeli bolanda, eýran häkimiýetlerine üç gün gerek boldy.
70 ýaşyndaky bir adam, gije bombalamalar başlanyp, güýçli partlamalaryň sesi eşidilende, "näme etjegimi bilmändirin" diýdi.
"Men altynjy gatda ýaşaýaryn. Penalamak üçin krowatyň, düşegimiň aşagyna girmek kararyna geldim" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
1980-88-nji ýyllardaky Eýran-Yrak urşuny başdan geçiren bir aýal öz geçmişiniň şeýle garaňky bölümini ýene bir gezek başdan geçirýändigine ynanmaýandygyny aýtdy.
"Bu gaty gorkunç. Bu urşuň, bomba partlamalarynyň we azyk ýetmezçiliginiň agyr günlerini ýada salýar. Men bularyň ählisini gaýtadan ýaşaýaryn. Men durşum bilen stres" diýip, ol sözüni dowam etdi.
"Meniň uýamyň çagasy gaty alada edýär. Ol aglaýar we menden biz sag-aman gutularysmy diýip soraýar."