Tramp G7 sammitini wagtyndan öň terk etdi, Tährandan ewakuasiýa çagyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp G7 toparynyň Kanadada geçirilýän sammitini wagtyndan öň terk etdi. Munuň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň düýpli ýitileşmegi bilen baglanyşyklydygyny Ak tamyň metbugat wekili Kerolýn Lewitt 16-njy iýunda aýtdy.

Mundan öň, Tramp özüniň Truth Social platformasynda çap eden postunda Tährandan gyssagly ewakuasiýa çagyrdy.

“Eýran meniň olara gol çekmegi ündän ylalaşyga gol çekmelidi. <…> Gysgaça aýdylanda, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna ýol berilmeli däldir. Muny gaýta-gaýta aýdyp geldim! Ähli adamlar derrew Tährandan ewakuasiýa edilmeli!” diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy. Tramp munuň bilen bagly başga goşmaça maglumat bermedi.

The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, Trampyň bu çagyryşyndan soň Tähranyň ýaşaýjylary şäheri köpçülikleýin ýagdaýa terk edip başlady.