Russiýa 17-nji iýun agşamdan bäri Ukraina 58 hüjüm drony we imitasiýa uçýan serişdeleri bilen hüjüm etdi. Bu barada Ukrainanyň harbylary mälim etdi. Dronlaryň 30-synyň urlup ýykylandygy ýa-da öz-özünden ýere gaçandygy aýdylýar.
Hüjümleriň netijesinde ýurduň dokuz sebitinde zarbalar hasaba alyndy. Anyk haýsy desgalaryň nyşana alnandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Hüjümleriň esasan Donetsk, Dnipropetrowsk we Zaporožýe sebitlerine gönükdirilendigi bellenilýär.
18-nji iýuna geçilýän gije amala aşyrylan bu zarbalar, sişenbe güni gijesi Kiýewe edilen giň gerimli hüjümiň yz ýanyna geldi. Şol hüjümde 21 adam heläk bolup, 134 adam ýaralandy. Şäherde bir dokuz gatly ýaşaýyş jaýy doly weýran edilip, birnäçe senagat desgasy hem nyşana alyndy.