Tanymal türkmen raýat aktiwisti we syýasy tussag Myrat Duşemow 4 ýyllyk türme tussaglygynyň möhleti gutaransoň öýüne gaýdyp barmady. Turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, Duşemow 14-nji iýunda boşadylmalydy.
Garaşsyz neşiriň 18-nji iýunda çap eden maglumatynda tussaglyk möhleti gutaran Duşemowyň garyndaşlaryna onuň nirededigi aýdylmandyr.
"Duşemow häzirki wagtda LB-E/12 koloniýasynda däl. Garyndaşlaryna onuň nirededigi aýdylmaýar" diýip, Turkmen.news neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew aýdýar.
"Maşgalasy ony gözleýär. Ýakynlaryna onuň nirededigini aýtmaýarlar 'bilemzok' diýýärler. Bu mümkin däl. Bu olaryň bir adamy ýitirendigini aňladýar. Bu kanuna hem düýpden ters gelýär" diýip, Mätiýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Degişli maglumat Aktiwist Myrat Duşemow dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildiMyrat Duşemow 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda sud edilip, adamy talamakda we bedenine ortaça agyrlykdaky zeper ýetirmekde günälendi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Duşemowa garşy ulanylan bu aýyplamalary syýasy matlaply atlandyryp, onuň raýat pozisiýasyny açyk beýan edendigi, kanuny haklaryny, adam hukuklaryny talap edendigi üçin toslanyp tapylandygyna ynanýarlar.
Türkmen häkimiýetleri Myrat Duşemowy 2020-nji ýylyň iýun aýynda yzarlap başlapdy.
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Bezmeýin etrabynyň polisiýasy aktiwisti YouTube-da wideo çap edenligi üçin tussag etdi. Duşemow türkmen oppozisiýasynyň daşary ýurtlarda alyp barýan işleri barada öz pikirini açyk beýan edip, syýasy hereketleri ýurduň içindäki adamlar bilen bilelikde işleşmäge çagyrypdy. Tussaglykdan 10 gün geçensoň Azatlygyň çeşmeleri onuň öý tussaglygyna geçirilendigini habar beripdi.
2021-nji ýylyň iýunynda Duşemow ýene saklandy. Ol Büzmeýiniň 12-nji saglyk öýünde häkimiýetleriň koronawirusa garşy mejbury sanjym talaplary boýunça saglyk resmilerinden düşündiriş talap etdi we bu gürrüňdeşligiň gizlin düşürilen wideosyny sosial ulgamlara syzdyrdy. Munuň yzýany Büzmeýiniň etrap sudy ony jemgyýetçilik ýerinde goh-galmagal turuzmakda günäli tapylyp, 100 manat möçberinde jerime saldy.
Şol ýylyň 7-nji iýulynda Myrat Düşemow hem-de onuň iki ýoldaşy Aşgabatdan Daşoguza barýarka Ruhubelent etrabynyň ýol gözegçilik nokadynda ýol polisiýasy olardan negatiw COVID-19 test netijeleriniň görkezmegi talap etdi. Duşemow muňa garşylyk bildirip, polisiýadan Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň buýrugynyň görkezilmegini talap etdi. Koronawirus pandemiýasy wagtynda köpçülikleýin ölümlere garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19-yň bardygyny ret etdi.
Şonda 15 günlük tussag edilen Duşemow boşadylmady. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, onuň kamerasyna salnan iki adam bir-biri bilen ýakalaşyp, soň Duşemowy günälediler.
"Türkmen.news" neşiriniň redaktory Duşemowyň häzir öňki prowokasiýalara meňzeş ýagdaýa ýene-de sezewar edilen bolmagyny çak edýär.
"Ömrüniň dört ýyly türmede geçen adamy boşatmazlyk aňryçäk derejeli bir çäre diýip hasap edýärin. Duşemow boşadylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp, gününi sanap oturan adam. Ol özüni türmeden örän gowy alyp bardy, ähli düzgünleri berjaý edip geldi. Şonuň üçin onuň tussaglykda saklanmagy üçin nobatdaky prowokasiýa edilen bolmagyny we ýene sud edilip, iş kesilmeginiň ähtimaldygyny çak edýäris" diýip, Ruslan Mätiýew aýtdy.
Ol özüne gowşan maglumata görä, Duşemowyň Türkmenabatdaky "Abdy Şukur" ady bilen tanalýan LB-D/9 türmesiniň deslapky tussaghanasynda saklanýandygy aýdýar.
Degişli maglumat Syzyp çykan wideo Türkmenistanyň ‘koronawirus tapmaçasy’ barada pikir döredýärRuslan Mätiýew Duşemowyň türmede hem öz hukuklaryny goramagyny dowam etdirendigini beläp, ýörite gulluklaryň ondan eden-etdilikli ar almaga synanyşýan bolmagyny belleýär.
2023-nji ýylyň maý aýynda Myrat Duşemow we şol bir LB-E/12 koloniýasynda saklanýan beýleki üç syýasy tussag BMG-nyň Türkmenistandaky ofisine hat iberip bildiler. Olar guramanyň işgärlerinden koloniýa baryp görmeklerini we özlerini kanun bozmalardan goramagyny islediler.
Ruslan Mätiýew Duşemowy azatlyga goýbermezlik bilen häkimiýetler onuň režim üçin oňaýly adam däldigini görkezýär, diýip belledi.
"Myrat Duşemow Türkmenistanyň häkimiýetleri, ýörite gulluklary üçin örän oňaýsyz adam. Bu adam hiç wagtda adalatsyzlygyň duşundan geçmedi, ol bikanunçylyk görse hiç wagt duşundan geçip gitmedi. Ol özüniň munuň bilen ylalaşmaýandygyny mälim etmek bilen çäklenmedi. Ol kanunyň esasynda delil görkezip, dürli derejelerdäki döwlet işgärlerine, polisiýa, lukmanlara ýa-da bank işgärlerine olaryň hakly däldigini we olaryň adamlar bilen kadaly gepleşmäge borçlydygyny aýtdy. Ol öz raýat aktiwligini köpçülige çykardy we raýatlara öz haklaryny nädip goramalydygyny we gorkmaly däldigini görkezdi. Häkimiýetler onuň azatlyga çykan ýagdaýynda öz hukuklaryny goramagyny dowam etdirmeginden gorkýarlar" diýip, Mätiýew aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistan: aktiwistiň tussag edilmegi we wirtual raýat toparlaryRuslan Mätiýew Duşemowyň ýagdaýy barada adam hukuklaryny goraýjy guramalara we Ýewropa Bileleşiginiň wekillerine habar beripdir.
17-nji iýunda Brusselde ÝB-niň türkmen resmileri bilen adam hukuklary boýunça gepleşikleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň beýanatyna görä, bu duşuşykda ýurduň adam hukuklary boýunça milli planyny durmuşa geçirişi hem gozgalypdyr.
ÝB-niň Brusseldäki şol duşuşykda gozgan meseleleri barada guramanyň websaýtynda maglumat çap bolmady.
Adam hukuklaryny goraýjylar Myrat Duşemowy wyždan ýesiri hasaplaýarlar. "Amnesty International" guramasynyň apreliň aýagynda çap eden hasabatynda tussaglykdaky adam hukuklary aktiwisti Mansur Mingelowyň we blogçy Murat Duşemowyň ýagdaýyna üns beridi.
Degişli maglumat Aşgabat aktiwistleri susdurmak praktikalaryny dowam etdirýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.