Türkmenistanyň Eýrandan import edýän harytlarynyň akymy kesilýär, mundan öň türkmen daýhanlarynyň öndüren önümleriniň ýerli bazarlardaky orunlaryny tas doly "basyp alan önümler bazar tekjelerinden uçýar" diýip Azatlygyň habarçylary habar berýär. Synçylar importa baglanan 'arzançylygyň' ertirki gün üçin sapak bolandygyny aýdýarlar.
Geçen aý Aşgabat Tähran bilen serhediň aýry-aýry böleklerinde söwda zolaklaryny döredip, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagyň maslahatyny edipdi.
Mundan öň bu ýurtlar, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin, Maşat we Mary şäherlerini bir-birine baglaýan demirýol gatnawynyň hem maslahatyny edipdiler.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen, Türkmenistan soňky onýyllyklarda Eýranyň iň ýakyn we amatly bazarlarynyň birine öwrüldi diýip, synçylar aýdýar.
Ýaşaýjylar bu ýurduň eksport edýän harytlarynyň ýönekeý türkmenler üçin Russiýa, Türkiýe ýaly ýurtlardan getirilýän harytlardan has amatly düşýändigini, sebäbi olaryň ýol çykdajylarynyň az bolýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanyň Eýrandan import edýän harydy köpelýärTürkmen gawun-garpyzy 'bazaryny aldyrdy'
“Eýrandan gelýän sitrus, bag we bakja önümleri, duldegşir goňşy, serhetdeş ýurt bolup, logistika çykdajylarynyň Türkiýe, Russiýa ýaly ýurtlar bilen deňeşdirilende az bolmagy netijesinde, özüň öndüreniňden hem arzan düşýär we bähbitli bolýar” diýip, söwda işgäri aýtdy.
Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary berk çäklendirilýän wagtynda türkmen daýhanlary gök, bakja önümlerini has köp öndürýärdiler we ýerli bazarlardan girdeji alýardylar, emma soňky ýyllarda bu ýagdaý üýtgeýär, türkmen daýhançylygy ýurtdaky ähmiýetini, geljegini ýitirýäne meňzeýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
“Eýranly daýhanlaryň öndürýän bakja önümleriniň ir ýetişdirilýän hasyly ýerli daýhanlaryň öndürýän hasylyndan öňe saýlandy, türkmen daýhanlary bäsleşige eýermän, öz ornuny eýranly daýhanlara berýär. Eýranda öndürilýän gawun-garpyz önümleri ýerli daýhanlaryň önümlerini bazarlardan gysyp çykarýar, paýtagtyň bazarlarynda satylýan bakja önümleriniň 90 göterime golaýy import edilen önümler” diýip, hünärmen aýtdy
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Eýrandan import edýän harytlary diňe gök önümler bilen hem çäklenmeýär.
Nebit-gazly Türkmenistan plastik gaplary Eýrandan getirýär
“Türkmenistanyň içerki bazarlarynda Eýrandan getirilen plastik gap-gaçlar, rezin şypbyklar we ädikler, rezin ellikler, suw we beýleki suwuklyklar üçin ulanylýan, plastikadan ýasalan uly göwrümli gaplar, zenanlar gerek matalar köp satylýar... Şeýle-de, Eýranyň Aşgabatdaky söwda, sergi merkezinde SAYPA, SAMANDA, PEJO ýaly, dürli kysymly ulaglar satylýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Degişli maglumat Ysraýylyň hüjümlerinden gorkup, eýranlylar goňşy Ermenistanda gaçybatalga gözleýärlerAzatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen söwda işgärleriniň aýtmaklaryna görä, Ysraýyl güýçleriniň Eýrandaky nyşanalara howa zarbalaryny urup başlamagy bilen, goňşy ýurtdan Türkmenistana eksport edilýän harytlaryň akymy kesildi.
“...uruş hereketleriniň bir hepdä golaý wagt bäri dowam etmegi bilen, häzir öňki getirilen önümler satylýar, olaryň bahalarynyň gymmatlamagy yzynyň ýokdugyny, kesilmek ähtimallygyny aňladýar” diýip, söwda işgäri käbir harytlaryň tasdan doly gutarandygyny, satuwda görünmeýändigini hem sözüne goşdy.
“Mysal üçin, Eýrandan eksport edilýän bananyň gory gutaryp, tas soňy gelýän ýagdaýda.”
Maglumat üçin aýdylsa, Eýranyň Maşat şäheri türkmen serhedinden 75 km çemesi uzaklykda ýerleşýär we soňky wakalar goňşy ýurda söwda-satyk, syýahatçylyk, saglyk meseleleri bilen baran türkmenistanlylaryň hem gyssagly yzlaryna dolanmaklaryna, Eýranyň Aşgabatdaky konsullygyna wiza üçin töleg eden geljekki syýahatçylaryň bolsa, giriş wizasy üçin tölän pullaryny yzyna almak üçin uzyn nobatlara durmagyna sebäp boly.
Şu aralykda Türkmenistanda ýumurtganyň bahasy 35 manat bolanlygyndan 55 manada çenli gymmatlady, ýöne bu ýagdaýyň Eýrandan edilýän importyň kemelmegi bilen bagly bolup bolmandygy belli däl.
Adamlar tomusda ýumurtga gymmatlamasyna garaşmaýardy
“Balkanabatda 30 ýumurtga 52 manat, Türkmenbaşyda 56 manat, Daşoguzda 50 manat bahalanýar. Ilat tomusda ýumurtga bahasynyň gymmatlamagyna garaşmaýardy. Uly marketlerde ýumurtga her ele 10 sanydan, çäkli satylýar, kiçi şäherçelerde ýumurtga tapdyrmaýar” diýip, habarçymyz 19-njy iýunda ýumurtga gymmatlamasynyň iki gün ozal başlanandygyny ýazdy.
Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylaryň birnäçesi mundan öň Eýrana baranlarynda arzan ýumurt iýip, 'hezil edýändiklerini" gülüp gürrüň beripdiler.
Türkmenistan ýurduň eksport, import görkezijilerini ilatdan gizlin saklaýar we hatda hökümetçi neşirler hem beýle sanlary başga ýurtlaryň neşirlerine salgylanyp çap edýärler.
Degişli maglumat Türkmenistan daşary ýurtlardan barha kän kartoşka, bugdaý almagyny dowam edýärBazarlarda emele gelen ýagdaý we onuň Eýrandaky ýagdaý bilen mümkin bolan baglanyşygy barada türkmen häkimiýetlerinden düşündiriş almak mümkinçiligi ýok.
Daşary syýasat edarasynyň 18-nji iýunda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär.
“...Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi. Türkmen häkimiýeti bu raýatlar üçin üstaşyr geçişi üpjün edip, olaryň öz Watanyna dolanmagyna ýardam edýär” diýip, türkmen DIM-niň habarynda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.