AGARAK, Ermenistan - Ysraýylyň howa zarbalarynyň bäş gün bäri haýallamaýandygyny görýän müňlerçe adam Tährandan gaçyp, ýurduň has howpsuz hasap eden demirgazygyna tarap ýola düşýär, bu ýagdaýda ýollarda dyknyşyk, ýangyç beketlerinde benzin gytçylygy döredi. Emma köpler munuň bilen çäklenmeýär.
Ýurduň demirgazyk serhet geçelgelerinde - bu ýerde Eýran Türkiýe, Azerbaýjan we Ermenistan bilen serhetleşýär - ýurduň içinde hiç bir ýer howpsuz däl diýen netijä gelen we Eýrany terk etmek isleýän raýatlaryň dyknyşygy emele geldi.
Eýran bilen serhetiň Ermenistan tarapynda ýerleşýän Agarakda ýerli ýaşaýjylar gelýänleriň akymynyň joşup barýandygyny belleýärler.
"Hiç bir şäher howpsuz däl" - diýip, Amir Nikki Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy "Azatutyun Radiosyna" aýtdy. Ol "sebäbi hemme ýerde harbylar we [yslam] ynkylap goragçylary korpusy we ýarag bar" diýdi.
Nikki Britaniýada ýaşaýar, ýöne onuň maşgala agzalary merkezi Isfahan şäherinde ýaşaýarlar, Ysraýylyň Eýranyň ýadro programmasyny zyýansyzlandyrmak maksady bilen nyşana alýandygyny aýdýan ýadro desgalary şol şäheriň golaýynda ýerleşýär.
Ysraýyl we günbatar ýaranlarynyň köpüsi Eýrany ýadro ýaragyny döretmekde aýyplaýarlar. Tähran, atom programmasynyň diňe raýat maksatlary üçin amala aşyrylýandygyny aýdyp, bu aýyplamalary düýbünden ret edýär.
Her niçigem bolsa, Nikkiniň maşgalasy ok atyşygynyň astyna düşdi.
"Olar gaty aladaly. Olar stressli ýagdaýda. Dem alyp bilmeýärler, iýip bilmeýärler, içip bilmeýärler. Aljyraňňylyga düşýärler. Uklap bilmeýärler" - diýip, Isfahandan 1000 kilometr uzaklykdaky serhedi kesip geçen Nikki aýtdy.
Ysraýyl 13-nji iýunda Eýranyň giňişligindäki nyşanalara howa zarbalaryny amala aşyraly bäri, iki tarap hem harby we harby däl binalara hüjüm edip, köp sanly adamyň ölmegine sebäp boldy.
Emma Ysraýylyň harby artykmaçlygy göz öňünde tutulanda, Eýrandaky ýagdaý has erbet görünýär.
Bu zorluk Ysraýylyň Gazada 20 aýlap dowam eden söweşi sebäpli eýýäm çägine ýeten tutuş Ýakyn Gündogary giň möçberli söweşiň öňünde goýdy.
Ermenistana geçýän eýranlylaryň köpüsi, erkekler we aýallar, yslam režiminiň özlerine edip biljek täsirlerinden gorkup, kamera gürlemekden saklandy.
Eýrandan gaçýanlaryň köpüsi aýallar we garry adamlar ýaly bolup görünýär.
Agarak barlag nokadynda ermeni taksi sürüjileri günüň dowamynda çalyşyp işlemeli bolýandygyny we ýurda girýänlere transport hyzmatlaryny hödürläp, dürli ugurlara gitmek zerurlygy bolan adamlaryň gitdigiçe köpelýändigini aýdýarlar.
Olar diňe bir eýranlylaryň serhetden geçmeýändigini aýdyp, uruşdan gaçýanlaryň köpüsi beýleki ýurtlaryň raýatlary diýýärler.
Geçýänleriň sanynyň 'ösmegi ähtimal'
Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugynyň habarçylary Ermenistana girýänleriň arasynda Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň toparlaryny görendiklerini habar berdiler.
Olaryň biri Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky konfliktiň gitdigiçe güýçlenmegi bilen Ermenistana geçýänleriň sanynyň “köpeljekdigini” çaklady.
Familiýasynyň tutulmagyny islemedik Ysmaýyl, Germaniýada ýaşaýan eýranly.
Ol Eýrandan uçar gatnawynyň howpsuzlyk sebäpli ýatyrylandygy sebäpli Agaragyň üsti bilen çylşyrymly syýahat etmäge mejbur bolandygyny aýtdy.
Ol söweşiň Eýranyň içindäki garyndaşlaryna täsir edip biljekdiginden howatyrlanýar we onuň giň möçberli söweşe öwrülmezligini umyt edýär.
"Uruş geler öýdemok. Amerika we Ýewropa [söweşleriň] soňlanmagyna itergi berer" - diýip, Ysmaýyl aýdýar.
Ysmaýyl, özüniň daşary ýurtda bolan wagty edip biljek ýeke-täk işiniň öz maşgala agzalary bilen aragatnaşykda bolup, uzakdan olaryň howpsuz bolmagyny umyt etmek bilen çäklenýändigini aýtdy.
Forum